Dabaraly maslahat

3 Noýabr 2023
374

Häzirki günlerde paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri jemleýji tapgyrlarda alnyp barylýar. 1-nji noýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahat hem iri sport baýramçylygyna görülýän taýýarlyga bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ak mermerli paýtagtymyza nobatdaky iri halkara ýaryşyň geçirilmeginiň ynanylmagynyň hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen täze derejä çykan türkmen sportunyň ýeten belent derejesiniň bütindünýä ykrarnamasydygy bellenildi. Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň şol dünýä çempionatynda bäsleşjek hem-de meýletinçi hökmünde gatnaşjak talyplarynyň paýyna jogapkärli wezipäniň düşýändigi nygtalyp, olara uly üstünlikler arzuw edildi.