"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Abadan ýaşaýşy nazarlaýan asylly işler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň görküne görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän baglar köpçülikleýin ekilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýete eýedigini yzygiderli belleýär. 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşmagy hem-de ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş ugrundaky tagallalaryň nobatdaky nyşanydyr.

Bilelikdäki maslahat

Şu günler 23 – 28-nji noýabrda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlyk işleri dowam edýär. Elbetde, eziz Diýarymyz ozal guralan iri ýaryşlardyr çempionatlarda ýokary guramaçylyk derejesini görkezip, bu ugurda baý tejribe toplan ýurt hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem halkara we dünýä derejesindäki bäsleşiklerde türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýyna abraý goşýar. Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýakynlaşyp gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, daşary ýurtly türgenlerdir tälimçileri kabul etmegiň, olara çempionatyň geçirilýän döwründe ýokary myhmansöýerlik görkezmek we ýaryşlaryň çäginde türgenleşik şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak tutluşyklary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýä ýaýmak, ýaryşa gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetlere ýörite terjimeçi we ýardam beriji meýletinçiler toparlaryny berkitmek, ähli ýaryşa gatnaşyjylar üçin internet hyzmatlarynyň

Sogaply işe goşant

Halkymyzda bag ekmek gadymy döwürlerden bäri iň bir sogaply işleriň biri hasaplanylýar. Bu asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy munuň aýdyň nyşanydyr. Saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny oturtmak ýurdumyzda indi giň gerime eýe boldy. Olar şäherlerde we zawod-fabrikleriň töwereginde ekilse, howadaky zyýanly gazlary, awtomobilleriň hereketi we senagat kärhanalarynyň işjeňligi netijesinde emele gelýän tozanlary özüne siňdirýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň gözelligine görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän, ýakymly ysly maddalary bölüp çykarýan agaçlaryň köpçülikleýin ekilmegi jemgyýetiň sagdyn ösüşini tebigy gurşaw bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmek işi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky aladalardan gözbaş alýar.

Belent sepgitleriň halkara ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň halkara derejede ykrar edilýändigini nobatdaky gezek görkezýär. Bu güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar.

Göreşiň gadymy görnüşi

Kuraş türki halklaryň göreş sungatyny özünde jemleýän sport görnüşidir. Taryhy çeşmeler onuň ir döwürlerde — birnäçe müňýyllyklardan ozal özbek topragynda döränligine şaýatlyk edýär. Gadymy grek akyldary Gerodotyň ýazgylarynda kuraş hakynda bellenilip geçilýär. Abu Ali ibn Sina öz ýazgylarynda göreşiň bu görnüşiniň saglyk üçin peýdalydygyny belleýär. Özem, ol kuraşyň diňe bedeniň taplanmagynda däl, eýsem, ruhuň belent bolmagy üçinem uly ähmiýete eýedigi barada aýratyn durup geçipdir. Teýmirleň bolsa öz ýeňilmezek goşunlarynyň esgerleriniň taýýarlygynyň gerekli derejede bolmagy üçin beden taýýarlyk çäreleriniň toplumyna göreşiň bu görnüşini goşdurypdyr.

Dünýä çempionatynyň bosagasynda

Ýakyn günlerde ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyryljak nobatdaky sport baýramçylygy dünýäniň üns merkezinde orun alar. Eziz Watanymyzyň sport mümkinçiliklerini, türgenlerimiziň ussatlyk derejesini äşgär etjek Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýakynlaşdygyça, oňa görülýän taýýarlyk hem barha işjeňleşýär. Ozal hem dünýä derejesindäki ýaryşlaryň birnäçesini üstünlikli geçiren ýurdumyzda bu gezekki sport baýramçylygynyň hem ýokary derejede guralyp, janköýerlere-de, türgenlere-de iň ýakymly duýgulary eçiljekdigi aýdyň hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Türkmenistan döwrebap sport düzümleri hem-de iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmekde toplan baý tejribesi bilen halkara giňişliginde uly abraýa eýedir. Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny kemala getirmek, Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde örän gysga döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan döwrebap sport desgalary iri ýaryşlary, yklym we dünýä çempionatlaryny ýoka

Aýnur Amanowa: «Arzuwym — altyn medal»

Aýnur Amanowanyň ady sport janköýerlerine tanyşdyr. Ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolmagy başaran türgen gyz gatnaşan her bir halkara ýaryşyndan dürli derejeli medally dolanyp gelýär. Aýnury sporta höweslendiren ýurdumyzda giňden tanalýan öz döwrüniň ussat türgeni, tejribeli hünärmen Şirin Kubaýewadyr. Tälimçiniň tagallasy bilen, Batyr agadyr Gurbanaý gelnejäniň ýeke dikrary 8 ýaşynda sport dünýäsine gadam goýýar. Irginsiz türgenleşikler arkaly Aýnur welaýat, ýurt çempionatlarynyň ýeňijisi bolýar. 2009-njy ýylda bolsa ol halkara ýaryşynda altyn medala mynasyp bolýar. Has takygy, türkmenabatly 13 ýaşly gyzjagaz Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde dzýudo boýunça geçirilen halkara ýaryşa gatnaşýar we ähli garşydaşlaryndan üstün çykýar.

Aziýa çempionatynyň medallary

Türkmen türgenleri Astana şäheriniň (Gazagystan) «Beeline Arena» sport toplumynda geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky boks boýunça Aziýa çempionatyny üstünliklere beslediler. 23 ýurtdan 200 çemesi boksçyny bir ýere jemlän ýaryş agramlaryň 13-si boýunça yklymyň çempionlaryny kesgitledi. Türkmenistandan, Özbegistandan, Hytaý Taýpeýinden, Ýaponiýadan, Filippinlerden, Gonkongdan, Koreýa Respublikasyndan, Mongoliýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Wýetnamdan, Tailanddan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Palestinadan, Pakistandan, Ýemenden, Yrakdan, Iordaniýadan, Kuweýtden, Malaýziýadan hem-de Gazagystandan bolan ýaşlar ýeňiş üçin ringe çykdylar.

Takylatdy – milli oýun

Eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda milli oýunlar boýunça hem dürli derejeli bäsleşikler geçirilýär. Golaýda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýetginjekleriň arasynda takylatdy boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Netijede oglanlaryň arasynda Muhammet Rejepow 9 utuk bilen birinji orna mynasyp boldy. Resul Gündogdyýew 8 utuk bilen ikinji, Yslam Gündogdyýew hem 8 utuk toplap, üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Gyzlaryň arasynda Näzli Rejepowa 8,5 utuk bilen birinji orny eýeledi. Gülälek Şamuhammedowa 8 utuk bilen ikinji orna mynasyp boldy. Zöhre Kulyýewa hem 8 utuk bilen üçünji orny eýelemegi başardy.Ýeňijilere Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlarydyr medallary gowşuryldy. Paýtagtyň birinjiliginiň yzysüre Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýetginjekleriň arasynda takylatdy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Sportdaky innowasion çözgütler

Bedenterbiýe we sport döwrümizde durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Bedeniň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin trekerler, «akylly» trenažýorlar, sport görkezijilerini seljerýän ulgamlar, wirtual we goşmaça hakykat tilsimatlary hem-de beýleki tehnologiýalar bütindünýä sport senagatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sport muşdaklaryna saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga, bedeniň işini gözegçilikde saklamaga we has ýokary netijeleri gazanmaga kömek edýän enjamlaryň sany ýyl geçdigiçe artýar.

Uniwersiadanyň çäklerinde

Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň sport baýramy – XIII Uniwersiada gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki güne çenli sportuň suwda ýüzmek, ýeňil atletika, şaşka ýaly birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler tamamlandy. Gazetimiziň geçen sanynda düzzüm ýaryşynyň deslapky tapgyrynyň – özara ýaryşlaryň netijelerini okyjylara ýetiripdik. Ine, ýakynda bolsa bäsleşigiň final bölegi tamamlanyp, baýrak eýeleri belli boldy. Oglanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary üstünlik gazanyp, öňdäki orny eýeledi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary ikinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary bolsa üçünji netije bilen ýaryşy jemledi.

Futbol täzelikleri

Ýakynda Doha şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen Bütinhindi Futbol federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama dürli ugurlary, hususan-da, başlangyçlary goldamak, ýaryşlary guramak, tejribe alyşmak hem-de futbol hünärmenleriniň bilimini artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alýar. Ähtnama gol çekilmegi iki futbol assosiasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyr boldy. Ol oýunçylaryň we tälimçileriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaryşlara gatnaşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek arkaly Merkezi Aziýada we Hindistanda futbolyň ösmegine goşant goşar.

AFK-nyň abraýly ýaryşlarynda

Ýurdumyzyň futbol toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Kubogynda nobatdaky duşuşyklaryny geçirdiler. Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň iň abraýly bäsleşigi bolan Çempionlar ligasynda çykyş edýän «Ahal» nobatdaky duşuşygynda Özbegistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi «Pahtakor» bilen duşuşdy. «A» toparçada bäsleşýän toparlar 4-nji tapgyryň duşuşygyny geçirdiler. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşygyň ilkinji minutlary ikitaraplaýyn hüjümlere baý boldy. Şeýle bolmazça-da däldi. Çünki toparçadan çykmak mümkinçiligini elden gidermezlik üçin toparlaryň ikisine-de diňe ýeňiş gerekdi.

Milli buýsanjymyz – ylham çeşmesi

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri, ajaýyp halylarymyz we beýlekiler halkymyzyň döreden naýbaşy gymmatlyklarydyr. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşykly düşünjeleriniň nyşanyna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýär. Halkymyz edermen türkmen alabaýlaryny we ganatly bedewlerini sarpalap, olaryň keşbini sungat eserlerinde şekillendiripdir. Nusaý galalarynda, Daňdanakanda we beýleki ýerlerde ýüze çykarylan arheologik tapyndylary muňa mysal hökmünde görkezip bileris. Häzirki döwürde-de milli buýsanjymyz bolan alabaý itleri sungat ussatlaryna ylham berýär. Her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça bäsleşik hem diýseň gyzgalaňly geçýär.

Sport. Saglyk. Gözellik.

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýe we sport ulgamy ajaýyp zamanany başdan geçirýär. Bu döwri milli sportumyzyň taryhynda täze, altyn sahypanyň açylan eýýamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hemmetaraplaýyn şertleriň döredilmegi netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrüň talaplaryny ödeýän sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Olarda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasyndan sporty söýýän, ýurdumyzyň sport abraýyny gorap biljek türgenleriň ösüp ýetişmeklerine oňaýly mümkinçilikler döredildi. Halkyň saglygyny üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz: «Adam saglygy – şahsy maýa goýumdyr, halkyň saglygy bolsa döwletiň maýa goýumydyr» diýmek bilen, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdynlygy baradaky aladany döwlet derejesinde ilkinji hatara çykardy. Ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin olaryň ýaşaýan, işleýän, okaýan we dynç alýan ýerlerinde ähli amatlyklary bolan sport meýdançalary döredilip, ýaşlar bilen sport çäreleri dowamly alnyp barylýar.

Tehnologiýalar – kämilligiň serişdesi

Bilermenler geljekde sport we bedenterbiýe ulgamynyň meşhurlygynyň barha artjakdygyny belleýärler. Az hereketlilik zerarly, bedeniň agramynyň artmagy häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda esasy meseleleriň biridir. Innowasion tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ulanyjylarda degişli goşundylaryň we enjamlaryň sany näçe köp bolsa, bu ulgam şonça-da çalt öser. Häzirki wagtda ýüregiň, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini ykjam mobil enjamlar arkaly seljermäge ýardam edýän tehnologiýalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanmak maksat edinilýär. Şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryny tälimçi hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri artýar. Bulardan başga-da, wideogözegçilik ulgamlary arkaly türgenleşiklere gatnaşýanlaryň hereketlerini seljerip, olaryň maşklary dogry ýerine ýetirişine baha bermek mümkinçiligi girizilýär. Mahlasy, täzeçil tehnologiýalar sportuň we bedenterbiýäniň netijeliligini, meşhurlygyny artdyrmaga, elýeterliligini ýokarlandyrmaga, ozal çylşyrymly bolan wezipeleri ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Bu bolsa ulgamyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Saglyk hakynda

W.Gýugo.

Sagdyn iýmitlenmegiň kadalary

Dogry iýmitlenmek adaty adamlar üçin sagdyn bolmagyň esasy şerti bolsa, türgenler üçin-de ýokary netijeleri gazanmakda esasy zerurlyklaryň biridir. Irginsiz türgenleşikler dogry iýmitlenmek bilen utgaşdyrylanda oňyn netijeler uzak garaşdyrmaýar. Dogry iýmitlenmek üçin sportuň görnüşlerine laýyklykda gerekli azyk önümlerini saýlap almak hem zerurdyr. Nohut, noýba, merjimek ýaly kösükli önümler askorbin turşusyna, PP witaminlerine, karotine we kükürde baýdyr. Olar ýoga, oýun görnüşleri, ýeňil atletika bilen meşgullanýan türgenler üçin aýratyn peýdalydyr. Düzüminde demir, sink ýaly minerallary, ýod, alma turşusyny, ýeňil özleşdirilýän beloklary saklaýan greçka hem ylgawçylar, welosipedçiler, woleýbolçylar üçin peýdaly iýmitdir. Tüwiden taýýarlanylýan önümleriň düzümindäki foliý turşusy, fosfor we sink bolsa boksçular, daga dyrmaşmak we aeorobika bilen meşgullanýanlar üçin peýdalydyr.

Taryhda şu gün

2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda bu abraýa mynasyp görlen Ibragimowiç şol möwsüm Fransiýanyň PSŽ toparynda çykyş edýärdi. Ol bu abraýa soňky on ýylda dokuzynjy gezek mynasyp görüldi. Özi-de adygan futbolçy «Aftonbladet» gazeti tarapyndan gowşurylýan baýraga bassyr sekizinji gezek mynasyp boldy.

Bag ekmegiň sogaby

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 4-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Welaýatymyzda geçirilen bag ekmek dabarasy hem amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň sergileri, sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly ýaryşlardyr aýdym-saz toparlarynyň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy. Şol gün Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden geçýän Türkmenabat – Dänew ýolunyň ugrunda gurluşygy dowam edýän täze şäherçäniň golaýy aýratyn ruhubelentlige beslendi.