Aziýa çempionatynyň medallary

10 Noýabr 2023
623

Türkmen türgenleri Astana şäheriniň (Gazagystan) «Beeline Arena» sport toplumynda geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky boks boýunça Aziýa çempionatyny üstünliklere beslediler.

23 ýurtdan 200 çemesi boksçyny bir ýere jemlän ýaryş agramlaryň 13-si boýunça yklymyň çempionlaryny kesgitledi. Türkmenistandan, Özbegistandan, Hytaý Taýpeýinden, Ýaponiýadan, Filippinlerden, Gonkongdan, Koreýa Respublikasyndan, Mongoliýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Wýetnamdan, Tailanddan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Palestinadan, Pakistandan, Ýemenden, Yrakdan, Iordaniýadan, Kuweýtden, Malaýziýadan hem-de Gazagystandan bolan ýaşlar ýeňiş üçin ringe çykdylar.