Futbol täzelikleri

10 Noýabr 2023
488

Ýakynda Doha şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen Bütinhindi Futbol federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama dürli ugurlary, hususan-da, başlangyçlary goldamak, ýaryşlary guramak, tejribe alyşmak hem-de futbol hünärmenleriniň bilimini artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alýar.

Ähtnama gol çekilmegi iki futbol assosiasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyr boldy. Ol oýunçylaryň we tälimçileriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaryşlara gatnaşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek arkaly Merkezi Aziýada we Hindistanda futbolyň ösmegine goşant goşar.

Ysmaýyl BEGMYRADOW,
sport synçysy.