Uniwersiadanyň çäklerinde

10 Noýabr 2023
496

Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň sport baýramy – XIII Uniwersiada gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki güne çenli sportuň suwda ýüzmek, ýeňil atletika, şaşka ýaly birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler tamamlandy. Gazetimiziň geçen sanynda düzzüm ýaryşynyň deslapky tapgyrynyň – özara ýaryşlaryň netijelerini okyjylara ýetiripdik. Ine, ýakynda bolsa bäsleşigiň final bölegi tamamlanyp, baýrak eýeleri belli boldy.

Oglanlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary üstünlik gazanyp, öňdäki orny eýeledi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary ikinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary bolsa üçünji netije bilen ýaryşy jemledi.