Dünýä çempionatynyň bosagasynda

10 Noýabr 2023
491

Ýakyn günlerde ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyryljak nobatdaky sport baýramçylygy dünýäniň üns merkezinde orun alar. Eziz Watanymyzyň sport mümkinçiliklerini, türgenlerimiziň ussatlyk derejesini äşgär etjek Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýakynlaşdygyça, oňa görülýän taýýarlyk hem barha işjeňleşýär. Ozal hem dünýä derejesindäki ýaryşlaryň birnäçesini üstünlikli geçiren ýurdumyzda bu gezekki sport baýramçylygynyň hem ýokary derejede guralyp, janköýerlere-de, türgenlere-de iň ýakymly duýgulary eçiljekdigi aýdyň hakykatdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Türkmenistan döwrebap sport düzümleri hem-de iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmekde toplan baý tejribesi bilen halkara giňişliginde uly abraýa eýedir. Garaşsyz Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny kemala getirmek, Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde örän gysga döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan döwrebap sport desgalary iri ýaryşlary, yklym we dünýä çempionatlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ahmet GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».