Sogaply işe goşant

10 Noýabr 2023
429

Halkymyzda bag ekmek gadymy döwürlerden bäri iň bir sogaply işleriň biri hasaplanylýar. Bu asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy munuň aýdyň nyşanydyr.

Saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny oturtmak ýurdumyzda indi giň gerime eýe boldy. Olar şäherlerde we zawod-fabrikleriň töwereginde ekilse, howadaky zyýanly gazlary, awtomobilleriň hereketi we senagat kärhanalarynyň işjeňligi netijesinde emele gelýän tozanlary özüne siňdirýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň gözelligine görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän, ýakymly ysly maddalary bölüp çykarýan agaçlaryň köpçülikleýin ekilmegi jemgyýetiň sagdyn ösüşini tebigy gurşaw bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmek işi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky aladalardan gözbaş alýar.