"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gadymy göreşiň galkynyşy

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda sportuň we sagdynlygyň rowaçlanýan ýurdy hökmünde abraýy artýan Watanymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýene-de sanlyja günden bäş yklymyň ussat pälwanlary Aşgabatda jemlenip, medallar ugrunda göreşerler. Sportuň gadymy görnüşi bolan kuraşyň meşhurlygy XXI asyrda has-da artýar. 2017- nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sportuň bu görnüşiniň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Iri yklym ýaryşynyň dowamynda geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisinde kuraşy XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada çözgüdiň kabul edilmegi hem bu ugurda bellenilmeli wakakaryň biridir. Munuň özi sportuň olimpiýa görnüşleriniň sanawyna goşulmaga ymtylýan kuraşyň abraýynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny görkezýär.

Woleýbol bäsleşikleri tamamlandy

«Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda dowam edýän XIII Uniwersiadanyň woleýbol boýunça bäsleşikleri tamamlandy. Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen duşuşyklarda talyplar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzlaryň arasyndaky bäsleşigiň duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi. Ýaryşyň jemleri boýunça ýeňiji bolmak Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna başartdy. Ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary, üçünji ýere Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary mynasyp boldy.

Aşgabatda uly kuraş baýramy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlandyrylmagynyň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat yklym we dünýä derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmündäki ornuny berkidýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ajaýyp günlerinde ýurdumyz ýene bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlygyň jemleýji tapgyrynda. Bu dünýä çempionatyny guramaçylyk babatda hem, ýaryşda medallar ugrunda göreşmekde-de jogapkärçilikli çemeleşilýär. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, jemgyýetimize sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge güýçli itergi berýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Garagum sährasy boýunça «Amul — Hazar» halkara awtorallisiniň, beýleki ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi Watanymyzyň sport abraýynyň beýgelmegini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýan ildeşlerimiziň, hususan-da, bu gymmatlyklary hemrasyna öwren ýaşlaryň sanynyň

Toýlaryň bezegi

Türki halklaryň gadymy hem däp bolup gelýän göreşiniň bir görnüşi hem kuraşdyr. Göreşiň bu görnüşi dürli halklaryň milli baýramlarynyň, toý-dabaralarynyň bezegi hasaplanypdyr. Onuň Merkezi Aziýanyň çäginde takmynan 3,5 müň ýyl ozal dörändigi çaklanylýar. Gadymy «Alpamyş» eposynda kuraş iň bir gowy görülýän we giňden ýaýran göreşleriň biri hökmünde görkezilýär. Taryhçy we filosof Gerodot bolsa «Taryh» atly kitabynda gadymy çarwa halklaryň däp-dessurlarynyň hatarynda kuraşa möhüm ähmiýet berýär. 2016-njy ýylda ÝUNESKO hoşniýetliligi we duýgudaşlygy ündäp, jemgyýetiň berkemegine uly täsir edýändigini göz öňünde tutup, kuraşy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.

Dünýä çempionaty halkara habarlar giňişliginde

Ösüş-özgerişlere beslenýän Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan üstünlikler dünýäniň ünsüni çekýär. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzda badalga beriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem halkara habarlar giňişliginde eýýämden uly gyzyklanma döredýär. Iri halkara habarlar agentlikleri we metbugat neşirleri Aşgabatda guraljak sport baýramçylygyna taýýarlyk baradaky maglumatlar bilen öz okyjylaryny yzygiderli tanyşdyrýar. «turkic.world» internet saýtynda 23 — 28-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi habar berilýär. Şeýle hem kuraşyň türki halklaryň arasynda giňden ýaýran gadymy sport görnüşleriniň biridigi beýan edilýär.

Bedenterbiýe we sport

Şu ýylyň 11-12-nji noýabrynda Köpugurly sport toplumynyň sport zalynda karatedo boýunça Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň oglan-gyzlary dürli agramlar boýunça çykyş etdiler. Mekdebimiziň tälimçi-mugallymy A.Ýoldaşowyň şägirtleri hem dürli agramlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 8-sini eýelemegi başardylar. Olardan Aýhan Gurbanow 35 kg-de, Ýakup Hemraýew 45 kg-de, Aly Azadow 43 kg-de, Aýşa Kulamowa 48 kg-de, Muhammetaly Döwletgeldiýew 52 kg-de 1-nji orunlary eýelediler. Şeýle hem Orazniýaz Kulamowa 35 kg-de, Aýläle Amanowa 30 kg-de, Oguldöndi Amanowa 35 kg-de tapawutlanmagy başardylar.  Ýeňijiler 5-nji sport mekdebiniň medallary hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Şanly geljegiň eýeleri

Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, beýik geljeginiň eýelerine deňelýän türkmen ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan işlerine, gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, olaryň ýokary derejede bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edilýär. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli hem-de Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumyň çäklerinde dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen adyň dakylmagy hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar hakyndaky köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň hatarynda sport ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlaryň hem bolmagy begendirýär. Jennet PAÝTYKOWA,

Talyplar tennis kortlarynda

Ýurdumyzda sportuň iň gyzykly görnüşleriniň biri bolan tennisiň meşhurlygy barha artýar. Halkara ýaryşlarda gazanylýan üstünlikler milli tennis mekdebimiziň täze belentliklere gadam goýýandygyny görkezýär. Bu üstünliklere talyp ýaşlar hem mynasyp goşant goşýar. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda dowam edýän Uniwersiadanyň tennis bäsleşikleri hem sportuň bu görnüşinde kämillige gol berýän ýaşlaryň köpelýändigini tassyklaýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-synyň wekilleri gatnaşdy. Ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, milli derejeli emin Röwşen Annamämmedow baş emin boldy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji, Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary üçünji orunlary eýelediler.

Baýramçylyk sowgady

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Hasyl toýunyň dabaralary bilen utgaşan bu waka ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny belende göterip, toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly dabaralanmasydyr.

Futbol täzelikleri

«Merwiň» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýändigi bilen bagly Mary şäheriniň toparynyň 24-nji tapgyrda «Aşgabat» bilen duşuşygy wagtyndan öň geçirildi. Şeýlelikde, Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňşinden soň 24 utuk toplan «Aşgabat» topary ýaryş tertibinde dördünji orna dolandy. 12 utugy bolan «Merw» 8-nji orny eýeleýär.

Sagdynlygyň we güýjüň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek, sport ýurdy hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler dünýä nusgalykdyr. Nesip bolsa, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Kuraş hem-de Sambo boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilmegi bilen, bu hakykat ýene bir ýola öz aýdyň subutnamasyna eýe bolar. Türkmenistan — sportuň ösýän ýurdy, biz muňa diňe bir Diýarymyzyň sport babatynda ýeten halkara üstünlikleriniň däl-de, ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly stadionlaryň, sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe we sagaldyş desgalarynyň hem-de beýleki sport maksatly binalaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. «Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksadaokgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir» diýip, eziz Diýarymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde gazanan abraýyny täze belentliklere göterýän hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Sagdynlygyň we güýjüň esasy çeşmesi bolan sportuň we bedenterbiýäniň tutuş jemgyýetimizi gurşap almagyny, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanma

Awtomobil sportunyň taryhyndan

1894-nji ýylyň 22-nji iýuly awtomobil sportunyň öz gözbaşyny alyp gaýdýan senesi hasap edilýär. Şol gün Fransiýada Pariž — Ruan — Pariž aralygynda awtomobil ýaryşy geçirilýär. Elbetde, ondan ozalam özi ýöreýän ulaglaryň gatnaşmaklarynda ýaryşlardyr ýörişler guralypdyr. Emma Pariž — Ruan — Pariž aralygynda geçirilen ýaryş dünýäde awtomobil sportunyň giň gerimde ýaýbaňlanmagynyň badalgasyna öwrülipdir. Şeýle-de bu ýaryş benzin bilen işleýän motorlaryň bug bilen işleýän motorlardan artykmaçlygyny görkezip, onda benzin bilen işleýän awtomobilleriň 13-si, bug bilen işleýänleriň bolsa bary-ýogy 2-si pellehana gelmegi başarypdyr.

Akyldarlar saglyk barada

Biziň üçimiz: sen, men we kesel. Sen kimiň tarapyny tutsaň, şol hem üstün çykar. Ibn Sina.

Çaýyň saglyga peýdasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly eseriniň her bir setiri, her bir jümlesi çuň many-mazmuna ýugrulandyr. Bu kitapda türkmen halkynyň çaý içmek dessuryny asyrlarboýy sungat derejesine çenli ýetirilendigi barada aýdylýar. Şeýle hem dürli taryhy maglumatlara salgylanyp, çaýyň ylmy taýdan esaslandyrylan melhemlik täsiri barada gürrüň berilýär. Çaý saglyk üçin peýdaly içgidir. Mysal üçin, bal garylan çaýdaky dürli himiki birleşmeler agyryny aýryp, immun ulgamyny gowulandyrýar. Sowuklama kesellerinde, ganazlykda bally çaýyň peýdasy diýseň uludyr. Balda witaminleriň, minerallaryň we aminokislotalaryň köpdügi onuň ýokary dermanlyk häsiýetini şertlendirýär. Süýtli çaýyň adamyň bedeninde gan aýlanyşyny işjeňleşdirmek bilen, bedende ýylylygy saklamaga kömek edýändigi lukmançylykda subut edilendir. Süýtdäki witaminler we kaliý, kalsiý, fosfor ynsan bedeni üçin zerur bolup durýar. Süýtli çaýdaky antioksidantlar ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar. Şeýle-de, artykmaç agramly adamlara süýt garylan gök çaý içmek örän peýdalydyr. Sebäbi ol belli bir derejede artykmaç agramdan saplanmaga kömek edýär.

Innowasion ulgamyň mümkinçilikleri

Tehnologiýalaryň okgunly ösýän zamanasynda sportuň dürli görnüşlerinde innowasiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Şeýle tehnologiýalar serişdeleri we wagty tygşytlamaga, çözgütler kabul edilende adam şertini peseltmäge mümkinçilik berýär. Dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolan tennisde «Electronic Line Calling Live» (ELC Live) ulgamynyň meşhurlygy artýar. Ilkinji gezek 2017-nji ýylda Milanda guralan tennis ýaryşynda synag edilen bu ulgam soňky ýyllarda beýleki birnäçe ýaryşlarda hem adaty eminler bilen bilelikde peýdalanylyp, netijeliligini subut etdi.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda Gökdepe etrabyndaky 10-njy orta mekdepde woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Gyzlaryň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde guralan bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinden toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli we gyzykly duşuşyklar türgen gyzlaryň ýaryşlara taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Netijede, 10-njy orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. 11-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler.

Aň-paýhas bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmek, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek we wagyz etmek hakyndaky taglymatlary öňe sürmek bilen, ýaş alymlaryň ylmy-döredijilik işlerini alyp barmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy, döredijilikli pikirlenmegi, başarnygy talap edýär. Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen birlikde sporta hem uly üns berilýär. Ata-babalarymyzdan galan miras hökmünde küşt oýnunyň hem bu gün Türkmenistan döwletimizde ösýändigini, ýaş nesilleriň bu sporta gyzyklanmalarynyň artýandygyny bellemek bolar. Çagalarda sporta höwes döretmek ilki bilen olaryň özlerine we tälimçi-mugallymlara baglydyr. Şeýle tälimçileriň hatarynda Daşoguz şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, sport ussady Ulugbek Matýakubowy, 3-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi, sport ussady Zafar Kurýazowy we tälimçi-mugallym Ýulduzhan Matýakubowany, 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Sardarbek Matýakubowy we sport ussady Haýrulla Haýitbaýewi görkezmek bolar. Olar ýaşlary küşt oýnuna çekmekde, çagalarda pikirlenmek ukyplaryny ýokarlandyrmakda we sportuň bu görnüşinde çekeleşikli, gyzykly çäreleri geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler.

Baýramçylyk at çapyşyklary

Hasyl toýunyň giňden bellenilen gününde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Çapyşyklarda üç, dört we uly ýaşar saýlama bedewler 1000, 1600, 1800 metr aralyklara bäsleşdiler hem-de bäş gezek çapuw ýodasyna çykdylar. Şeýlelikde, 1-nji çapyşykda «Türkmenaragatnaşyk» agentligine degişli, Melebaş we Jeren diýen atlaryň neslinden, meşhur Gyrsakaryň ugrundan bolan Mekan atly gara at bilen ýetginjek çapyksuwar Resulberdi Baýramalyýew pellehana ilkinji gelmegi başardy. 2-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary Baba Babaýew, seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Şirmyrat Agamyradowdyr. Ikinji belgide ýaryşa goşulan Dowamat Dalbedew hem Akmaňlaý diýen atlaryň neslinden bolup, meşhur Gelşikliniň ugruna degişlidir. 3-nji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirildi. Netijede, altynjy belgide ýaryşa goşulan Baky diýen mele at ýeňiji boldy. Ol Bahreýn hem Garaýyndam diýen atlaryň neslinden bolup, bu at hem meşhur Gelşikliniň ugruna degişlidir. 4-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, meşhur Garlawajyň ugrundan Şahyr diýen gara bedewi bilen çapyksuwar Begmämmet Kulyýew ýeňiji boldy. Dört we uly ýaşar saýlama bedewleriň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji — 5-nji çapyşykda Türk

Gimnastika hemmeler üçin

Gimnastika sportuň islendik ýaşdaky adamlar üçin laýyk gelýän görnüşidir. Onuň maksatnamasy sazlaşygy, çeýeligi, güýji, çydamlylygy ösdürmäge gönükdirilen maşklary öz içine alýar. Gimnastika bilen meşgullanmak diňe bir bedeniň sagdynlygyny saklamaga däl, eýsem, ruhuňy hem belende göterýär. Sportuň bu görnüşiniň dürli ugurlarynyň bolmagy onuň bilen islendik ýaşdaky adamlaryň meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Bir bitewi ulgama birleşdirilen maşklaryň köpdürlüligi gimnastikanyň özbaşdak görnüşini kemala getirýär. Maksadyňa baglylykda gimnastikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak mümkin. Olara sagaldyş ýa-da bejeriş, bilim beriş-ösdüriş, sport, önümçilik gimnastikalary degişlidir.

Taryhda şu gün

Doha şäheri ses berlişikde ispanlaryň Barselona hem-de ABŞ-nyň Ýudžin şäherlerini yzda galdyrmagy başardy.