Woleýbol bäsleşikleri tamamlandy

18 Noýabr 2023
463

«Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda dowam edýän XIII Uniwersiadanyň woleýbol boýunça bäsleşikleri tamamlandy. Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen duşuşyklarda talyplar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Gyzlaryň arasyndaky bäsleşigiň duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi. Ýaryşyň jemleri boýunça ýeňiji bolmak Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna başartdy. Ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň topary, üçünji ýere Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary mynasyp boldy.

Perman Gurdow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.