Şanly geljegiň eýeleri

18 Noýabr 2023
480

Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, beýik geljeginiň eýelerine deňelýän türkmen ýaşlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan işlerine, gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, olaryň ýokary derejede bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edilýär. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli hem-de Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumyň çäklerinde dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen adyň dakylmagy hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar hakyndaky köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň hatarynda sport ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlaryň hem bolmagy begendirýär.

Jennet PAÝTYKOWA,