Baýramçylyk at çapyşyklary

17 Noýabr 2023
465

Hasyl toýunyň giňden bellenilen gününde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Çapyşyklarda üç, dört we uly ýaşar saýlama bedewler 1000, 1600, 1800 metr aralyklara bäsleşdiler hem-de bäş gezek çapuw ýodasyna çykdylar. Şeýlelikde, 1-nji çapyşykda «Türkmenaragatnaşyk» agentligine degişli, Melebaş we Jeren diýen atlaryň neslinden, meşhur Gyrsakaryň ugrundan bolan Mekan atly gara at bilen ýetginjek çapyksuwar Resulberdi Baýramalyýew pellehana ilkinji gelmegi başardy.

2-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary Baba Babaýew, seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Şirmyrat Agamyradowdyr. Ikinji belgide ýaryşa goşulan Dowamat Dalbedew hem Akmaňlaý diýen atlaryň neslinden bolup, meşhur Gelşikliniň ugruna degişlidir. 3-nji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga geçirildi. Netijede, altynjy belgide ýaryşa goşulan Baky diýen mele at ýeňiji boldy. Ol Bahreýn hem Garaýyndam diýen atlaryň neslinden bolup, bu at hem meşhur Gelşikliniň ugruna degişlidir. 4-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, meşhur Garlawajyň ugrundan Şahyr diýen gara bedewi bilen çapyksuwar Begmämmet Kulyýew ýeňiji boldy. Dört we uly ýaşar saýlama bedewleriň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji — 5-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gutlyhan diýen dor bedew bilen pellehana birinji gelip, Döwletgeldi Mämmedow ýeňiş gazandy hem-de hormatly Prezidentimiziň Baş baýragyna mynasyp boldy.

Şirin SAPARGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.