Aň-paýhas bäsleşigi

17 Noýabr 2023
350

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmek, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmek we wagyz etmek hakyndaky taglymatlary öňe sürmek bilen, ýaş alymlaryň ylmy-döredijilik işlerini alyp barmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy, döredijilikli pikirlenmegi, başarnygy talap edýär. Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen birlikde sporta hem uly üns berilýär.

Ata-babalarymyzdan galan miras hökmünde küşt oýnunyň hem bu gün Türkmenistan döwletimizde ösýändigini, ýaş nesilleriň bu sporta gyzyklanmalarynyň artýandygyny bellemek bolar. Çagalarda sporta höwes döretmek ilki bilen olaryň özlerine we tälimçi-mugallymlara baglydyr. Şeýle tälimçileriň hatarynda Daşoguz şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, sport ussady Ulugbek Matýakubowy, 3-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi, sport ussady Zafar Kurýazowy we tälimçi-mugallym Ýulduzhan Matýakubowany, 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Sardarbek Matýakubowy we sport ussady Haýrulla Haýitbaýewi görkezmek bolar. Olar ýaşlary küşt oýnuna çekmekde, çagalarda pikirlenmek ukyplaryny ýokarlandyrmakda we sportuň bu görnüşinde çekeleşikli, gyzykly çäreleri geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler.

Gülaýym SETDAROWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Jemgyýeti öwreniş mugallymy.