Baýramçylyk sowgady

18 Noýabr 2023
459

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Hasyl toýunyň dabaralary bilen utgaşan bu waka ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny belende göterip, toý şatlygyny goşalandyrdy.

Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly dabaralanmasydyr.

Akmämmet AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.