Awtomobil sportunyň taryhyndan

18 Noýabr 2023
487

1894-nji ýylyň 22-nji iýuly awtomobil sportunyň öz gözbaşyny alyp gaýdýan senesi hasap edilýär. Şol gün Fransiýada Pariž — Ruan — Pariž aralygynda awtomobil ýaryşy geçirilýär. Elbetde, ondan ozalam özi ýöreýän ulaglaryň gatnaşmaklarynda ýaryşlardyr ýörişler guralypdyr.

Emma Pariž — Ruan — Pariž aralygynda geçirilen ýaryş dünýäde awtomobil sportunyň giň gerimde ýaýbaňlanmagynyň badalgasyna öwrülipdir. Şeýle-de bu ýaryş benzin bilen işleýän motorlaryň bug bilen işleýän motorlardan artykmaçlygyny görkezip, onda benzin bilen işleýän awtomobilleriň 13-si, bug bilen işleýänleriň bolsa bary-ýogy 2-si pellehana gelmegi başarypdyr.

Döwran MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.