"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Çekeleşikli tutluşyklar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça dürli derejeli ýaryşlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ine, ýakynda bu ýerde kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji tapgyry tamamlandy. Çekeleşikli pursatlary özünde jemlän ýaryşda ýer eýeleriniň — ýokary okuw mekdebimiziň talyp pälwanlarynyň ikisi hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. 66 kg agramda Döwlet Hemrakulyýew, 73 kg agramda Ilýas Muhammedow ýeňiji boldular.

Mekdep okuwçysynyň medaly

22 — 25-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujeýra şäherinde geçirilen «Karate 1 — Ýaşlaryň ligasy» halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 25 türgen çykyş etdi. Bäsleşige 78 döwletden 2000-den gowrak türgen gatnaşdy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew kumite boýunça 52 kg agramda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy. Ol birinji duşuşygynda Gazagystan Respublikasynyň türgenini ýeňip, ikinji duşuşykda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilinden asgyn geldi. Gurbannazar üçünji duşuşykda Hindistan Respublikasynyň, dördünji duşuşykda Iordaniýa döwletiniň, bäşinji duşuşykda Müsür Arap Respublikasynyň, altynjy duşuşykda bolsa Gazagystan Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykdy.

Sportuň galkynýan döwri

Sport ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde has-da uly ösüşlere uzaýan ýoluň menzillerini ynamly külterleýär. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi halkara derejesindäki üstünlikleriň, ajaýyp netijeleriň hem-de täze ýeňişleriň binýadyny emele getirýär. Bu ulgamyň hukuk binýadynyň hem berkden tutulandygyny bellemek gerek. Bu hakykat sportuň, bedenterbiýäniň hem-de köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň özenini düzýän kanunlarda giňden beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe hem-de sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminama işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Watanymyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr meýilnamalar bolsa şol resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ähmiýetli bölegidir.

Kämillik menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy babatda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berk bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumynda dürli ýaşdaky türgenler ykjam türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Bu ýerde ýaşlar milli ýaryşlar bilen birlikde, halkara ýaryşlara hem taýýarlanýarlar. Toplumda türgenleriň bedenlerini berkitmegi üçin goşmaça howuzlar hem göz öňünde tutulandyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howuzlarda türgenleriň arasyndaky ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Golaýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp ýaş türgenleriň arasynda suwda ýüzmegiň erkin usuly, brass, batterflýaý, arkanlaýyn ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça Aşgabadyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşda Hezret Tejenow (Tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa), Kirill Sewumýan (tälimçisi Muhammet Annadurdyýew), Şazada Atageldiýew (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) dagy ýeňiş gazanmagy başardy. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sport mekdeplerinde

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2024-nji ýyl üçin senenama meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda taýboks boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Halkara Uşu federasiýasynyň düzgünnamasy esasynda geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Lebap welaýatynyň topary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň medallary gowşuryldy.

Futbol täzelikleri

BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Arkadag» topary Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Ata» topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlygyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren «Arkadag» toparynyň düzüminde D.Durdyýew bilen A.Annadurdyýew tapawutlandylar.

Gündogaryň meşhur akyldary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, halk lukmançylygynyň tejribelerini, lukmançylykda yz goýan alymlaryň mirasyny düýpli öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilendir. Bu babatda lukmançylykda öçmejek miras goýan alym, beýik akyldar Abu Aly ibn Sinanyň işlerini öwrenmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň köpdügini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Öz hünärim bilen baglylykda, men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen köp okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem, filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir».

Halk lukmançylygynyň aýrylmaz bölegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän özgertmeler, ilatyň saglygyny goramaga berilýän uly üns giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen birlikde, ulgamy ösdürmegiň, saglygy goraýyş edaralaryny kämilleşdirmegiň, bar bolan tebigy serişdeleri amatly peýdalanmagyň netijesinde keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gadymyýetiň görnükli şahsyýeti Gippokrat: «Lukmançylyk, tebigatyň bejerijilik täsirine öýkünmek sungatydyr» diýip belläp geçýär. Lukmançylyk ylmynyň taryhynda görnükli orun eýelän Gündogaryň meşhur alymy Abu Aly ibn Sina hem şu pikiri wagyz edipdir. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri diňe bir Gündogaryň däl, eýsem, Ýewropa sebitleriniň tebipleriniň hem ýankitabyna öwrülýär. Ibn Sina kitabynda 800-e golaý dermanlyk serişdeler we olary saklamagyň usullary hakynda ýazýar. Dermanlyk ösümlikleri öwrenmegiň taryhyna degişli maglumatlarda, esasan, gadymyýetde meşhur tebip hem-de alym bolan Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Muhammet Huseýniň we Jelaleddin Hydyryň nusgawy eserlerinde häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikler barada berilýän

Sagdynlygyň rowaçlanýan ýurdy

Ata Watanymyz Türkmenistanyň görlüp-eşidilmedik üstünliklere, ösüşlere beslenýän zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýandygyna Diýarymyzda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Çekeleşikli bäsleşikler

«Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň sport zalynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň guramagynda boks boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Ysmaýyl Orazmyradow (63,5 kg) we Söýünç Aşyrow (92 kg) 1-nji, Ylham Nazarow (75 kg) 2-nji, Şükürülla Annaýew (71 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular. Tapawutlanan türgenler Hormat hatlarydyr medallar bilen sylaglandylar.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Bäsleşige etrabyň sport mekdeplerinden toparlar gatnaşdy. Etrap merkezindäki 2-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşda 3-nji sport mekdebiň «Arzuw» topary (tälimçisi Çary Sopyýew) 1-nji orna mynasyp boldy. 2-nji sport mekdebiniň «Nesil» topary (tälimçisi Halyl Halylow) 2-nji, 3-nji sport mekdebiniň «Bagtyýarlyk» topary (tälimçisi Serdar Saýew) 3-nji orunlary eýelediler.

Ýaş ze­hin­le­riň arasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy täze derejä çykarmak ugrunda uly işler amal edilýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek, beden taýdan berk, ruhubelent, maksadaokgunly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebinde amala aşyrylýan işler hem şeýle tagallalaryň bir bölegidir.  Bu gün mek­de­bi­miz­de he­re­ket ed­ýän sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­nyň ýaş­la­ryň kä­mil taý­ýar­ly­gy­ny ga­zan­mak­da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Tä­lim­çi­le­riň alyp bar­ýan yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik iş­le­ri ne­ti­je­sin­de ýe­ňiş üçin yh­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýan tür­gen­ler ke­ma­la gel­ýär.

Pälwanlarymyzyň üstünligi

27-nji fewralda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäklerinde talyp oglanlaryň arasynda erkin göreş boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän Uniwersiada çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Erkin göreş boýunça geçirilen ýaryş Bütindünýä göreş federasiýasynyň düzgünnamasy esasynda geçirilip, oňa milli derejeli emin, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangeldi Annarejepow eminlik etdi. Uniwersiadanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylýan şeýle ýaryşlar talyp türgenleriň öz ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmegine mümkinçilik berýär.

Gadymy oýnuň ýaş muşdaklary

Ýakynda türkmen milli oýny bolan takylatdy boýunça 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde guralan birinjilige Lebap, Daşoguz, Ahal welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan türgenler gatnaşdy. Bäsleşikde Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiň tälimçisi Ýazbike Öwezowanyň şägirtleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda duşuşyklaryň her birinde oýunçylara 20 minut wagt berlip, wagt ölçegi elektron sagatlar arkaly kesgitlenildi. Ýeňijini mälim etmek üçin bäsleşige gatnaşyjylar 11 aýlawdan ybarat bolan duşuşyklara gatnaşdylar.

Welaýatlardan habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň sagdyn durmuş kadalaryny, bedenterbiýäni we sporty esasy durmuş ýörelgeleriniň birine öwrendigi ajaýyp hakykatdyr. Diýarymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary özünde jemleýän saglygy goraýyş hem-de sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi raýatlaryň sagdynlygyny goramakda we berkitmekde, sporty ösdürmekde döwletimiz tarapyndan taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň rowaçlanmagynda wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti hem örän ýokarydyr. Biziň işgärlerimiziň gatnaşmaklarynda hem şeýle çäreler yzygiderli geçirilip, olar sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmäge, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegi ündemäge gönükdirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda geçirilýän işler hakynda giňişleýin gürrüň edilýär.

Taryhda şu gün

Ol 1969-njy ýylyň 2-nji martynda «Boston Brýuinz» toparynyň düzüminde çykyş edýän wagtlary arzyly sepgide ýetmegi başardy. Sport ýolunyň dowamynda «Çikago Blekhoks» (1963-1967), «Boston Brýuinz» (1967-1975) hem-de «Nýu-Ýork Reýnjers» (1975-1981) toparlarynda çykyş eden F.Espozito 6 gezek (1969/70, 1970/71, 1971/72, 1972/73, 1973/74, 1974/75 möwsümleri) NHL-iň iň köp şaýba geçiren oýunçysy diýlip yglan edilýär.

Awa­za — sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, be­den­ter­bi­ýe­dir sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan yn­san­per­wer sy­ýa­sat­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de kes­git­le­nen­dir. Çün­ki jem­gy­ýet sag­dyn bo­lan­da, döw­let hem gül­läp ös­ýär. Hä­zir­ki wagt­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň, spor­tuň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­li ul­gam­lar­da giň ge­ri­me eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ne­bit­gaz se­na­ga­ty top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi hem-de «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len okuw-mas­la­ha­tyň bar­şyn­da hem mu­ňa aý­dyň göz ýe­ti­ril­di.

Bedew münen sag bolar

Gadymy grek akyldary Gippokrat: «At münüň, eziz watandaşlar, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!» diýipdir. Şundan görnüşi ýaly, atly gezelenç etmegiň saglyga oňyn täsir edýändigi adamlara ir döwürlerden mälimdir. «At münmek arkaly bejeriş, bejeriji atly ýöriş» diýen manylary aňladýan ippoterapiýanyň keselden soň saglygy dikeltmekde hem-de köp keselleri bejermekde örän netijelidigi ykrar edilen hakykatdyr. Gippokrat at münmäge, çapmaga bedeniňi kadalaşdyrýan, immuniteti pugtalandyrýan, ýaşaýyş güýjüni beýgeldýän maşklaryň biri hökmünde baha beripdir. At münmegiň, ilkinji nobatda, oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyň bozulmalarynda üstünlikli ulanylýandygyny bellemelidiris. At münmek ýürek-damar, aşgazan-içege näsazlyklary, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri we şikesleri, polimielit, prostatit, osteohondroz, skolioz, newroz ýaly sökellikleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Şeýle-de, ol horlanmaga, göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan saplanmaga ýardam berýär.

Şanly ýylyň şygary

Tutuş ýylymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň ylham çeşmesine öwrülen Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrylmagy bizi diýseň begendirdi. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň awgustynda Milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanşanda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi buýsandyryjy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söz ussadynyň hormatyna geçirilýän çäreler halkara guramalaryň hem uly goldawyna eýe bolýar.

Il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­riň ro­waç­lan­ýan döw­ri

«Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu tutumly işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan ösüşler ynsan saglygyny goramakda we jemgyýetimiziň sagdynlygyny berkitmekde dünýä nusgalyk özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny görkezip, 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler bolsa munuň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu wajyp mesele barada giňişleýin durlup geçildi. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garalan mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.