Il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­riň ro­waç­lan­ýan döw­ri

23 Fewral 2024
216

«Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu tutumly işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan ösüşler ynsan saglygyny goramakda we jemgyýetimiziň sagdynlygyny berkitmekde dünýä nusgalyk özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny görkezip, 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler bolsa munuň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu wajyp mesele barada giňişleýin durlup geçildi.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garalan mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmen sporty».