"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Ýaşlygyň, ýeňişli ýoluň waspy

Dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň belent abraýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde täze belentliklere göterilýär. Ajaýyp zamanamyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, olaryň tutuş jemgyýetimizi gurşap almagyny gazanmak döwlet syýasatynda hemişe esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz mähriban halkyna peşgeş beren ilkinji eserini —

Söz us­sa­dy­na sar­pa

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýe­ne-de bir aja­ýyp ýy­ly­nyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi akyl­dar şa­hy­ry­na be­lent sar­pa goý­ýan hal­ky­my­zy, şol san­da äh­li ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi buý­san­dy­ran wa­ka bol­dy. Çün­ki da­na şa­hy­ryň ede­bi mek­de­bi ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de we ola­ryň yl­ma çuň­ňur ara­laş­mak­la­ryn­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­ly­nyň ga­dam­la­ry bar­ha ro­waç­lan­ýar. Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň par­lak ýyl­dy­zy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­ny na­zar­la­ýan ede­bi mi­ra­sy Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ho­wan­dar­ly­gyn­da dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň adam­za­dyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na, yn­san­lar­da ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­mek­de mil­li edep-ter­bi­ýe mek­de­bi­ne öw­rü­len gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek hem

Hal­ka­ra ýa­ry­şyň me­dal­la­ry

Il­deş­le­ri­miz Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ta­mam­la­nan pa­ra-pauer­lif­ting bo­ýun­ça Dün­ýä ku­bo­gyn­da me­dal­la­ryň al­ty­sy­ny ga­zan­dy­lar. BAE-dä­ki ýa­ry­şa 32 ýurt­dan müm­kin­çi­li­gi çäk­li tür­gen­le­riň 173-si gat­naş­dy. Tür­gen­le­ri­mi­ziň üs­tün­lik­li çy­kyş­la­ry gu­wan­dy­ry­jy bo­lup, olar 2 al­tyn, 2 kü­müş we 2 bü­rünç me­dal­la­ry ga­zan­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hem-de dur­mu­şa or­naş­dyr­ýan asyl­ly iş­le­ri buý­sa­nyl­ma­ga my­na­syp­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da hem be­lent sep­git­ler, uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de sport des­ga­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Şol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly iş­ler bi­ziň bagt­ly dur­mu­şy­my­zyň ba­dal­ga­sy­dyr. Şeý­le uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Sport mekdeplerinde

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň orta mekdeplerinde hem ýaş nesli sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyklar geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň etrabyň bedenterbiýe we sport, şeýle-de, bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklara mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr ýaş türgenler gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine berilýän üns, döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda bu ugurda döredilen mümkinçilikler, sport bilen meşgullanmagyň peýdasy barada täsirli gürrüňler edilýär. Şeýle sport mekdeplerinde kämillik ýoluny nazarlaýan türgenleriň arasynda biziň zähmet çekýän orta mekdebimiziň okuwçylarynyň bolmagy bolsa bizi has-da buýsandyrýar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edilýär.

TFF-niň täzelikleri

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy 2026-njy ýyl­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň we 2027-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň çä­gin­de Eý­ra­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len bol­jak mö­hüm oýun­la­ryn­dan öň BAE-de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny ge­çir­ýär. Mer­gen Ora­zo­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­le­ri wa­jyp oý­nuň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na hem-de res­mi oý­na gat­naş­mak üçin fut­bol­çy­la­ryň 24-si­ni dü­zü­me goş­du­lar.

Alkyş alýan hüjümçi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilip, ýurdumyzdaky ýaryşlarda çykyş eden ilkinji ýylynda hem ajaýyp üstünlikleri gazanmagy başaran Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň şeýle belent sepgide ýetmegine uly goşant goşan futbolçylar hakynda söhbet edilmeli bolsa, elbetde, ilkinjileriň hatarynda diňe bir bu toparda däl, eýsem, tutuş çempionatymyzda iň netijeli oýunçy bolmagy başaran Didar Durdyýewiň ady agzalmaly bolardy. Bassyr ikinji ýyl milli çempionatymyzda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmagy başaran hüjümçi bilen söhbetdeşligimiziň başynda ony «Arkadag» toparynyň düzüminde gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutladyk. – Didar, täze topar bilen ýeten belent sepgitleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Çempionlygy hem-de ýurdumyzyň Kubogyny eýelemegi bilen birlikde, täze ýylyň öň ýanynda «Arkadag» topary bilen baglanyşykly taryhy we ajaýyp wakalar hem bolup geçdi. Şolardan galan täsirler hakynda durup geçäýseňiz!

Sport syýasaty dabaralanýar

Türkmenistan häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda täze sport desgalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler üpjün edilendir. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalary halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýene-de bir aýdan gowrak wagtdan Aşgabat nobatdaky sport baýramyny — hokkeý boýunça halkara ýaryşy garşylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde dabaralanýan sport syýasatyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Welaýatlardan habarlar

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde guralýan duşuşyklarda güneşli ülkämizde durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň ähmiýeti giňden wagyz edilýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen guraýan şeýle duşuşyklarymyzda talyp ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çagyrýarys. Ýakynda ýaşlar bilen guralan maslahat hem şeýle mazmuna eýe boldy. Bu çäre talyplar üçin täsirli söhbetlere diýseň baý boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda milli sportumyzy taryhy üstünliklere ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de bu ýerde bolan myhmanlar ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak ugrundaky işleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň gerimini has-da giňeltjekdiklerine ynandyrdylar.

Ta­ryh­da şu gün

Çe­ke­le­şik­li ge­çen duşuşykda «Ro­ýal In­ži­ni­ýers» to­pa­ry ýe­ňiş ga­za­nar diý­lip çak­la­ny­lyp­dy. Ola­ryň bü­tin möw­sü­mi ýeň­liş­siz ge­çi­ren­dik­le­ri şeý­le ne­ti­jä gel­mä­ge esas be­rip­di. Ýö­ne du­şu­şy­gyň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da «Ro­ýal In­ži­ni­ýers» to­pa­ry­nyň esa­sy oýun­çy­sy­nyň şi­kes al­ma­gy oý­nuň gi­di­şi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şol wagt­lar oýun­çy çal­şy­gy ge­çi­ril­män­soň, to­par tu­tuş du­şu­şy­gy di­ýen ýa­ly bir türgen kem oý­na­ma­ly bo­lup­dyr.

Golfuň döreýşi

Bu barada dürli çeşmelerde dürli maglumatlar berilýär. Mysal üçin, hytaýly taryhçylar onuň gadymy döwürlerde öz ýurtlarynda dörändigini nygtasalar, niderlandlylar sportuň bu görnüşini öz döreden oýunlary hasaplap, 1297-nji ýylyň fewralyny golfuň dörän senesi hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda gelnen gutarnykly netijä laýyklykda, golfuň watany Şotlandiýa bolup durýar. ХI-ХIV asyrlar aralygynda hut Şotlandiýada ilkinji gezek sportuň golf görnüşi we kluby döräpdir. Golf boýunça ilkinji bäsleşikler Beýik Britaniýada geçirilýär we Şotlandiýanyň Masselboro şäherindäki atçylyk sport toplumyndaky «Old Links» meýdançasy iň gadymy golf meýdançasy hasaplanylýar.

Taryhy özgertmeleriň rowaç alýan döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda taryhy ösüşlere beslenýän 2024-nji ýylynyň ilkinji iki aýy yzda galdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şol iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijesinde gazanylan görkezijiler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem agzalan döwürde tarypa mynasyp işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaz paslynyň ilkinji güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu barada aýratyn nygtalyp aýdyldy. Şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen,

Gutlagnama

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bagyşlanýar Diýar gözel, bahar gözel, siz gözel,Ylhamyňyz egsilmesin, halypa! Ähli zatdan dörän eken söz ozal,Eserlerňiz dowam bolsun, halypa!

Zenan — zeminiň zynaty

Eziz Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde durýan belent maksatlary amala aşyrmakda, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadyny pugtalandyrmakda, uly ýeňişleri gazanmakda, milli ýörelgelerimiziň esasynda nesillere döwrebap terbiýe bermekde yhlasly, işeňňir, başarjaň zenanlarymyzyň mynasyp goşandy bardyr. Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli zähmeti bilen uly üstünlikleri gazanýan zenanlarymyzyň nusgalyk göreldesi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Zenan türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. Türkmenistanly türgen gyzyň 2021-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy bolsa türkmen sportunyň taryhyna altyn sahypalary ýazdy. 202

Taekwondoçylarymyzyň üstünligi

Türkmen taekwondoçylary halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bilen begendirip gelýärler. Ine, ýakynda olar bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýändiklerini nobatdaky gezek subut etmegi başardylar. Ildeşlerimiz Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde tamamlanan taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda 34 medal (19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç) gazandylar.

Bahar bäsleşikleri

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň arasynda «Zeminiň görki — zenanlar» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi 1 — 6-njy mart aralygynda geçen ýaryş Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Şeýlelikde, düzzüm we küşt boýunça geçirilen bäsleşiklerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňdeligi eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Tennis kortlarynda

Aşgabatda Halkara tennis federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä tennis güni mynasybetli sportuň şu görnüşiniň ýaşajyk wekilleriniň bäsleşigi guraldy.  «Aşgabat» tennis akademiýasynda geçen ýaryşa paýtagtly ýaş tennisçileriň 34-si gatnaşdy. 8 ýaşa çenli türgenleriň ýaryşlaryny Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de «Aşgabat» tennis akademiýasy gurady. Ilkinji gezek geçirilen ýaryşyň geljekde yzygiderli esasda guralmagy meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Mark Azizow 1-nji orny eýeledi. Ol Amanguly Begenjowyň şägirdidir. 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Alyhan Nurýagdyýew, 3-nji ýere bolsa Ysmaýyl Babaýew eýe boldy. Türgenleriň ikisini hem Jennet Hallyýewa türgenleşdirýär.

Beýik akyldara sarpa

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň

Baý­ram my­na­sy­bet­li

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň äh­li ze­nan­la­ry­ny baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi äh­li ge­lin-gyz­la­ry­my­za, mäh­rem ene­le­ri­mi­ze ýo­ka­ry sy­lag-hor­ma­tyň gü­wä­si­ne öw­rül­di. Nu­ra­na baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li mi­nistr­lik­le­rin­de, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, eýe­çi­li­giň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, äh­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da zäh­met çek­ýän ge­lin-gyz­la­ry­my­za döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry gu­ral­dy. Şeý­le da­ba­ra­la­ryň bi­ri-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len Küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň mej­lis­ler za­lyn­da ge­çi­ril­di. Da­ba­ra sport hü­när­men­le­ri, tä­lim­çi­ler we tür­gen­ler, sport mek­dep­le­rin­de zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­lar gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da mäh­ri­ban ze­nan­la­ry­my­za hormatly Prezidentimiziň adyn­dan baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy hem-de gut­lag söz­le­ri aý­dyl­dy. Şeý­le hem ze­nan­lar Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­her ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Eneş ÝU­SU­POWA,

Zamanamyzyň nusgalyk şäheri

Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri özüniň binagärlik çözgütleri bilen dünýäni haýrana goýýar. Biz hem sebitde ilkinji «akylly» şäherde gurlan, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny äleme ýaýmaga öz goşandyny goşýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň biri bolandygymyza diýseň buýsanýarys. Halkara atçylyk akademiýamyzda hem ökde seýis Aba Annaýewiň seýisçilik, atşynaslyk hünärini ele almak ugrunda alyp baran işleri, ulanan tärleri barada giňişleýin öwredilýär. Bu ýerde «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» diýen at bilen ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa halkymyzyň atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň