Golfuň döreýşi

15 Mart 2024
300

Bu barada dürli çeşmelerde dürli maglumatlar berilýär. Mysal üçin, hytaýly taryhçylar onuň gadymy döwürlerde öz ýurtlarynda dörändigini nygtasalar, niderlandlylar sportuň bu görnüşini öz döreden oýunlary hasaplap, 1297-nji ýylyň fewralyny golfuň dörän senesi hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda gelnen gutarnykly netijä laýyklykda, golfuň watany Şotlandiýa bolup durýar. ХI-ХIV asyrlar aralygynda hut Şotlandiýada ilkinji gezek sportuň golf görnüşi we kluby döräpdir.

Golf boýunça ilkinji bäsleşikler Beýik Britaniýada geçirilýär we Şotlandiýanyň Masselboro şäherindäki atçylyk sport toplumyndaky «Old Links» meýdançasy iň gadymy golf meýdançasy hasaplanylýar.