Sport syýasaty dabaralanýar

15 Mart 2024
307

Türkmenistan häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda täze sport desgalarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler üpjün edilendir.

Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalary halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýene-de bir aýdan gowrak wagtdan Aşgabat nobatdaky sport baýramyny — hokkeý boýunça halkara ýaryşy garşylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde dabaralanýan sport syýasatyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Şuhrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Çärjew etrap bölüminiň müdiri, Döwlet bellige alyjysy.