Bahar bäsleşikleri

8 Mart 2024
351

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň arasynda «Zeminiň görki — zenanlar» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi 1 — 6-njy mart aralygynda geçen ýaryş Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.

Şeýlelikde, düzzüm we küşt boýunça geçirilen bäsleşiklerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňdeligi eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.