Taryhy özgertmeleriň rowaç alýan döwri

8 Mart 2024
257

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda taryhy ösüşlere beslenýän 2024-nji ýylynyň ilkinji iki aýy yzda galdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şol iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijesinde gazanylan görkezijiler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem agzalan döwürde tarypa mynasyp işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaz paslynyň ilkinji güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu barada aýratyn nygtalyp aýdyldy.

Şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen, degişli hasabatlar diňlenilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylan mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmen sporty».