Zenan — zeminiň zynaty

8 Mart 2024
304

Eziz Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde durýan belent maksatlary amala aşyrmakda, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadyny pugtalandyrmakda, uly ýeňişleri gazanmakda, milli ýörelgelerimiziň esasynda nesillere döwrebap terbiýe bermekde yhlasly, işeňňir, başarjaň zenanlarymyzyň mynasyp goşandy bardyr. Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli zähmeti bilen uly üstünlikleri gazanýan zenanlarymyzyň nusgalyk göreldesi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Zenan türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. Türkmenistanly türgen gyzyň 2021-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy bolsa türkmen sportunyň taryhyna altyn sahypalary ýazdy. 2023-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem zenan pälwanlarymyz altyn, kümüş we bürünç medallary gazanyp, milli ýygyndymyzyň üstünligine uly goşant goşdular. Türgenlerimize we tälimçilerimize dabaraly ýagdaýda hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy hem zenan türgenlerimize goýulýan belent sarpanyň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi.

«Türkmen sporty».