Milli buýsanjymyz
Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almagy babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem bilim almaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw, kompýuter, barlaghana hem-de özbaşdak taýýarlanmak üçin ýörite otaglar bar. Häzirki wagtda türkmen atşynaslary öz işini dünýä tejribesi bilen utgaşykly alyp barýarlar. Ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we olary ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däplerinden başga-da, dünýä ylmynyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen atçylyk pudagynyň öňdebaryjy, ösen düzümi bar.