Sirk häzirki zaman görnüşinde XVIII asyrda peýda bolupdyr. Angliýaly Filip Astli sirkiň «atasy» hasaplanylýar. Ol tejribe geçirmek arkaly ilkinji bolup, atlaryň erkana çapmagy üçin arenanyň diametriniň töwerek boýunça 13 metr bolmalydygyny kesgitläpdir. Tutuş sirk dünýäsinde arenanyň bu diametri häzir hem berk berjaý edilýär.
* * *