Tennis kortlarynda

8 Mart 2024
374

Aşgabatda Halkara tennis federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä tennis güni mynasybetli sportuň şu görnüşiniň ýaşajyk wekilleriniň bäsleşigi guraldy.  «Aşgabat» tennis akademiýasynda geçen ýaryşa paýtagtly ýaş tennisçileriň 34-si gatnaşdy. 8 ýaşa çenli türgenleriň ýaryşlaryny Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de «Aşgabat» tennis akademiýasy gurady. Ilkinji gezek geçirilen ýaryşyň geljekde yzygiderli esasda guralmagy meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Mark Azizow 1-nji orny eýeledi. Ol Amanguly Begenjowyň şägirdidir. 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Alyhan Nurýagdyýew, 3-nji ýere bolsa Ysmaýyl Babaýew eýe boldy. Türgenleriň ikisini hem Jennet Hallyýewa türgenleşdirýär.

Islam KERIMOW,
sport synçysy.