Alkyş alýan hüjümçi

15 Mart 2024
880

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredilip, ýurdumyzdaky ýaryşlarda çykyş eden ilkinji ýylynda hem ajaýyp üstünlikleri gazanmagy başaran Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň şeýle belent sepgide ýetmegine uly goşant goşan futbolçylar hakynda söhbet edilmeli bolsa, elbetde, ilkinjileriň hatarynda diňe bir bu toparda däl, eýsem, tutuş çempionatymyzda iň netijeli oýunçy bolmagy başaran Didar Durdyýewiň ady agzalmaly bolardy. Bassyr ikinji ýyl milli çempionatymyzda iň köp pökgi geçiren oýunçy bolmagy başaran hüjümçi bilen söhbetdeşligimiziň başynda ony «Arkadag» toparynyň düzüminde gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutladyk.

– Didar, täze topar bilen ýeten belent sepgitleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Çempionlygy hem-de ýurdumyzyň Kubogyny eýelemegi bilen birlikde, täze ýylyň öň ýanynda «Arkadag» topary bilen baglanyşykly taryhy we ajaýyp wakalar hem bolup geçdi. Şolardan galan täsirler hakynda durup geçäýseňiz!

Söhbetdeş bolan Hezret HOJAGULYÝEW.