Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, halk lukmançylygynyň tejribelerini, lukmançylykda yz goýan alymlaryň mirasyny düýpli öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilendir.
Bu babatda lukmançylykda öçmejek miras goýan alym, beýik akyldar Abu Aly ibn Sinanyň işlerini öwrenmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň köpdügini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Öz hünärim bilen baglylykda, men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen köp okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem, filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir».