Şanly ýylyň şygary

1 Mart 2024
412

Tutuş ýylymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň ylham çeşmesine öwrülen Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrylmagy bizi diýseň begendirdi. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň awgustynda Milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanşanda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi buýsandyryjy waka boldy.

Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söz ussadynyň hormatyna geçirilýän çäreler halkara guramalaryň hem uly goldawyna eýe bolýar.

Akmaral GURBOWA,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika-psihologiýa mugallymy.