Ata Watanymyz Türkmenistanyň görlüp-eşidilmedik üstünliklere, ösüşlere beslenýän zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýandygyna Diýarymyzda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.