Talyplar tennis kortlarynda

18 Noýabr 2023
410

Ýurdumyzda sportuň iň gyzykly görnüşleriniň biri bolan tennisiň meşhurlygy barha artýar. Halkara ýaryşlarda gazanylýan üstünlikler milli tennis mekdebimiziň täze belentliklere gadam goýýandygyny görkezýär. Bu üstünliklere talyp ýaşlar hem mynasyp goşant goşýar. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda dowam edýän Uniwersiadanyň tennis bäsleşikleri hem sportuň bu görnüşinde kämillige gol berýän ýaşlaryň köpelýändigini tassyklaýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-synyň wekilleri gatnaşdy. Ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, milli derejeli emin Röwşen Annamämmedow baş emin boldy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji, Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary üçünji orunlary eýelediler.

Yslamhan ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.