Bag ekmegiň sogaby

10 Noýabr 2023
363

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 4-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Welaýatymyzda geçirilen bag ekmek dabarasy hem amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň sergileri, sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly ýaryşlardyr aýdym-saz toparlarynyň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy.

Şol gün Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden geçýän Türkmenabat – Dänew ýolunyň ugrunda gurluşygy dowam edýän täze şäherçäniň golaýy aýratyn ruhubelentlige beslendi.

Şuhrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Çärjew etrap bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.