Abadan ýaşaýşy nazarlaýan asylly işler

10 Noýabr 2023
513

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň görküne görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän baglar köpçülikleýin ekilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýete eýedigini yzygiderli belleýär. 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşmagy hem-de ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş ugrundaky tagallalaryň nobatdaky nyşanydyr.