Gyşky Olimpiýa oýunlary

10 Noýabr 2023
394

Olimpiýa oýunlary öz taryhynyň gözbaşyny tomusky Olimpiadadan alyp gaýtsa-da, häzirki wagtda gyşky Olimpiýa oýunlarynyňam meşhurlygy we janköýerleriniň köplügi diňe tarypa mynasypdyr. Onuň taryhy hakynda gysgaça söhbet edenimizde bolsa, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan guralýan gyşky Olimpiýa oýunlary ilkinji sapar 1924-nji ýylda geçirilipdir.

Gyşky hem-de tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 1994-nji ýyla çenli bir ýylda geçirilip gelnendigini hem bellemek gerek. Ol her dört ýyldan bir gezek, fewral aýynyň 29 senenama güni bolup gelýän ýyllarynda guralypdyr. 1994-nji ýyldan başlap bolsa gyşky hem-de tomusky Olimpiýa oýunlary bir-birinden iki ýyl aratapawutlylykda geçirilip ugralypdyr.

Taýýarlan Jennet ANNAGULYÝEWA,
TDB we SI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.