Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

3 Noýabr 2023
449

Ýaş nesil hakyndaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda iň ilkinji üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň pent-nesihatlary, wesýetleri, sargytlary ýaşlar üçin gyzyldan gymmatly durmuş sapagydyr, ýol görkeziji çyragdyr.

«Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar» diýip nygtan hormatly Arkadagymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly birnäçe döwrebap teklipleri öňe sürmegi her bir raýatda hoşallyk duýgularyny artdyryp, olaryň ählisi-de ýaş nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuşy, şu güni we geljegi üçin has-da oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.