Dünýä çempionatyna taýýarlyk tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar

3 Noýabr 2023
365

23 — 28-nji noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty barha ýakynlaşýar. Häzirki günlerde bu sport baýramçylygynda ýurdumyzyň abraýyny gorajak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda ýokary derejede taýýarlyk görýärler.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň pälwanlary ähli amatlyklary bolan sport toplumynda tejribeli hünärmen Şirin Kubaýewanyň tälimçiliginde türgenleşýärler.

Rejepmuhammet Orazmuhammedow,
«Türkmen sporty».