Ýaş tennisçilerimiziň ajaýyp netijesi

3 Noýabr 2023
320

Ýaş tennisçilerimiz Özbegistanyň Karşi şäherinde jemlenen 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky halkara ýaryşda diýseň netijeli çykyş etdiler. Bäsleşikde Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan 37 oglan hem-de 33 gyz ýeňiş üçin ýiti göreş alyp bardy.

Biziň tennisçilerimiz halkara ýaryşyň 3 medalyny gazandylar. Imran Ahundow oglanlaryň ýekelikdäki ýaryşynda ýeňiji boldy. Gyzlaryň ýekelikdäki bäsleşiginde bolsa Ilima Guseýnowa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. Türkmen toparynyň üçünji medaly bolsa oglanlaryň jübütleýin ýaryşyna degişlidir. Imran Ahundow bilen Selim Çagylow jübüti ýurdumyzyň baýrak gaznasyna altyn medallaryň ýene birini getirdiler. Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň 3 altyn medalyny gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Rebbilmuhammet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.