Sagdyn we ruhubelent ýaşlar

13 Oktýabr 2023
376

8-nji oktýabrda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleriniň geçirilmegine badalga berildi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde guralan bu çäre Aşgabat şäherinde uly ruhubelentlige beslendi.

Şol gün irden paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky «Welosiped» binasynyň ýanyna welosipedli ýaşlaryň köp sanlysy jemlenip, giň, tekiz we arassa ýol boýunça Bekrewe köçesiniň ugry bilen ýörişe başladylar. Bellenilen aralyk 5 müň 700 metrden ybarat bolup, «Ylym» binasyna çenli uzady.

«Türkmen sporty».