Bedewler ula gidende

29 Sentýabr 2023
559

Her ýyl ýurdumyzda baş baýramymyzyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary baýramçylyk dabaralarynyň öwüşginini has-da artdyryp, döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, mähriban halkymyzyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alamatlandyrýar. 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar hakyky türkmen toýlaryna mahsus bolan ýokary ruhubelentlige beslendi.

Toplumyň çäginde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň döredijilik zehini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz ýolugruna paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň giň gerimli sergi bölümlerini synlady. Şu gezekki sergi mähriban halkymyzyň köptaraply zehininiň, zähmetsöýerliginiň we baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem bu ýerde milli göreş boýunça bäsleşikler ýaýbaňlandyryldy. Ýaryşlarda türkmen pälwanlary özleriniň güýç-gaýratyny, çalasynlygyny we ussatlygyny görkezdiler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk sowgadyny taýýarladylar.

«Türkmen sporty».