Täze ýeňişlere badalga

29 Sentýabr 2023
312

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, netijeleri hakyndaky hoş habarlaryň yzygiderli gelip gowuşmagy her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem şeýle üstünliklere şärik bolmagy başarýandyklary guwandyryjydyr.

Şu günler türgenlerimiz Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän tomusky Aziýa oýunlarynda çykyş edýärler. Türkmen topary bu ýaryşa diýseň ýokary derejede taýýarlandy.

Wepa ÝAZBERDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.