Sag başym – soltan başym

6 Oktýabr 2023
612

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Adatça, sport professional türgenleriň ýokary netijeler ugrundaky tutanýerli zähmetini we bäsleşiklerini öz içine alýar. Bedenterbiýe bolsa adamyň sagdyn bolmak üçin ýerine ýetirmeli işjeňligidir. Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir adamyň zyýanly endiklerden çetde durup, saglygy üçin peýdaly hereketleri ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly düşünjedir. Diýmek, professional türgenlerden tapawutlylykda, adaty adamlara sagdyn bolmak üçin biri-biri bilen däl-de, öz-özi bilen göreşmelidigine göz ýetirmek has ähmiýetlidir.

Sagdyn bolup, durmuşdan lezzet almak üçin her bir adama ýönekeý kadalary berjaý etmek we peýdaly endikleri edinmek zerurdyr. Ynsanyň saglygy, ilkinji nobatda onuň dem alýan howasyna baglydyr. Şonuň üçin hem arassa howada gezelenç etmek we dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek sagdynlyga uzaýan ýoluň ilkinji ädimlerine öwrülmelidir.

Taýýarlan Enegül DURDYÝEWA,
sport synçysy.