Şanly wakalara beslenýän döwür

9 Sentýabr 2023
315

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ähli ugurlarda galkynýan, ösýän, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, Watana, halka wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän zamanasy bolup dabaralanýar. Muňa ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolup geçen şanly hem taryhy wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Şol gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp, ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirilip, şol dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Arkadagly Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz we ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, üstümizdäki ýylda uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna iberen Gutlagynda belläp geçdi. Ine, Watanymyzyň golaýlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň