Türkmen futboly halkara arenasynda

15 Sentýabr 2023
442

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli sportumyz, şol sanda türkmen futboly şöhratly ýol geçdi. Ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky, Aziýa Kubogyndaky hem-de beýleki abraýly ýaryşlardaky çykyşlary, futbol toparlarymyzyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky hem-de AFK-nyň Kubogyndaky çykyşlary bu ugurda uly işleriň alnyp barlandygyny we barylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Ine, nobatdaky halkara futbol senenamasynyň ýaýbaňlanmagy bilen, milli ýygyndymyza, «Ahal», «Altyn Asyr» hem-de «Merw» toparlaryna dünýä derejesindäki futbolçylary bolan toparlaryň garşysyna ýaşyl meýdana çykmaga mümkinçilik döredi. Bizem futbol ýygyndymyza hem-de toparlarymyza halkara arenasynda geçirjek duşuşyklarynda diňe ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Dünýä çempionaty – 2026: nobatdaky synag

«Türkmen sporty».