Welaýatlardan habarlar

15 Sentýabr 2023
306

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bu gün ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Olaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, sporty gündelik hemrasyna öwürmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işler gözbaşyny hut şu syýasatdan alyp gaýdýar. Şeýle ähmiýetli ädimleriň üstüni bolsa röwşen ertirimiziň eýeleri bolan nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak ugrundaky tagallalar ýetirýär. Şu aýratynlyklaryň özara sazlaşygynyň esasynda bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti örboýuna galýar. Biz hem öz nobatymyzda ýaşlar bilen geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň üsti bilen olary sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýarys. Biz şu ugurdaky ädimlerimizi gelejekde has-da kämilleşdireris we Watana wepaly, ahlakly hem-de sagdyn, berk bedenli ýaşlary kemala getirmek ugrundaky tagallalara öz goşandymyzy goşarys.

Ýaşlar syýasatyny sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti bilen sazlaşykly durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!