Gadymyýetden gözbaş alan mekdep

15 Sentýabr 2023
380

Sport barada gürrüň edilende, esasan, soňky iki asyr göz öňümize gelýän hem bolsa, ol iňňän gadymy döwürlerden bäri ähli halklaryň durmuşynda uly orny eýeleýär. Adamlar heniz irki döwürde dürli görnüşli maşklaryňdyr hereketleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaga ýardam edýändigine göz ýetiripdirler. Köp hereket edýän we zähmet çekýän adamlaryň beýlekilere görä has sagat hem-de gujurly bolýandygy äşgär bolansoň, sport nesil terbiýesiniň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.

Her bir halk öz dowamaty bolan nesilleriniň sagdyn ösmegini we güýçli bolmagyny gazanmak üçin türgenleşikleriň dürli görnüşlerini döredipdir. Ezberlikde we ýyndamlykda saýlanýan ýigitleri ýüze çykarmak üçin ýörite bäsleşikler guralypdyr. Şonuň üçin-de, sportuň başa-baş söweş sungaty, göreş, at çapmak, ýaýdan ok atmak, naýza zyňmak, uzak aralyga ylgamak, suwda ýüzmek görnüşleri has irki döwürlerde meşhur bolupdyr. Olar ýaşlary Watan goragyna taýýarlamakda iňňän ähmiýetli terbiýe mekdebi hasaplanypdyr.

Guwanç GARAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kiçi ylmy işgäri.