Sport we ýaşlar

15 Sentýabr 2023
483

Ynsan saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde sport bilen meşgullanmak her bir raýatyň adaty endigine öwrüldi. Sebäbi ýurdumyzdaky sport desgalaryndan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen gurulýan her bir täze binada, şeýle hem edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde sport bilen meşgullanmaga, dynç almaga, dürli maşklary ýerine ýetirmäge şertler, gezelenç etmäge ýaşyl zolaklar döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň ata-babalarymyzyň ýörelgelerine eýerip, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyna giň mümkinçilik berýär.

Eziz Diýarymyzyň sport diplomatiýasy uly ösüşleri, ýokary sepgitleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň gözel paýtagty halkara ýaryşlary we abraýly bäsleşikleri kabul edýän sport merkezine öwrüldi.

Serdar HYDYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.