Abraý getiren menziller

8 Sentýabr 2023
548

Birnäçe ýyl mundan ozal kiçigöwünli bir adam bilen tanyşdym. Ol uzak aralyga ýöremekde tüýs telpek goýaýmaly diýilýänleriň hilindendi. Eger wagtynda halypa duşup, ýeňil atletika bilen meşgullanan bolsa, belki, ençe ýaryşlaryň ýeňijisi bolup, birgiden medallara eýe çykardy. Men muny «Tejen — täsin adam» atly makalamda başardygymdan beýan etmäge çalyşdym. Her niçik-de bolsa, ol uzak aralyga ýöremekde resmi däl rekordlary goýup biläýjek ýa-da bilen adam hökmünde hakydamda galdy. Bu meniň durmuşymyň sport žurnalistikasyna dahylly böleginde şu güne çenli «sportuň melikesi» diýip at alan ýeňil atletika we oňa ýakyn adam hakynda ýazan ilkinji makalamdy.

Ine-de, ikinji synanyşyk. Ýöne bu gezekki söhbetim Tejen barada däl-de, Tejenowiç hakynda. Professional türgen hökmünde abraýly ýaryşlarda ýeňiji bolan, birnäçe rekordlary goýan, türkmen, şol sanda dünýä ýeňil atletikasynyň ösmegine mynasyp goşant goşan Hajymyrat Rahmanow ömrüniň agramly bölegini ýöräp dälde, ylgap geçirdi.

Goçnazar HEŞDEKOW,
«Türkmen sporty».