Sportuň hem gözelligiň sazlaşygy

15 Sentýabr 2023
518

Sungata iň ýakyn sport görnüşi bolan sport tansyna erkek we zenan türgenler bilelikde gatnaşýarlar we olaryň çykyşlaryna syn etmegiň özem kalbyňy gözellige besleýär. Sport tansy boýunça geçirilýän ýaryşlar iki maksatnama boýunça guralyp, Latynamerikan maksatnamasy samba, ça-ça-ça, rumba, pasadobl we jaýw ýaly tanslary öz içine alsa, Ýewropa maksatnamasyna wals, tango, fokstrot, kwikstep ýaly tanslar degişli bolup durýar.

Sport tansy boýunça halkara ýaryşlary, sportuň täs ähli görnüşlerinde hem bolşy ýaly, höwesjeňleriň we professionallaryň arasynda aýratynlykda geçirilýär. Gözellik we arassalyk, çylşyrymly hereketleriň ýerine ýetirilişi, oňa gatnaşyjylaryň eşikleriniň kaşaňlygy, umuman, çykyşlaryň ruhubelentlik ýagdaýy ýaryşlara tomaşa edýänleri özüne bendi edýär. Tansçylaryň geýimleriniň kesgitlenen kada laýyk bolmagynyň ýaryşlardaky hökmany şertleriň biri bolup durýandygynam aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de çykyşlara baha bermegiň köptaraplaýynlygy sebäpli, sportuň bu görnüşindäki ýaryşlara eminleriň dokuzysynyň gözegçilik edýändigem bilip goýanyňa degýän maglumatdyr.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.