Dünýä çempionatyndaky üstünlik

25 Awgust 2023
327

Zagrebde (Horwatiýa) dowam edýän ýetginjekleriň arasyndaky dzýudo boýunça dünýä çempionatynda türkmen gyzynyň ajaýyp netijesi bellige alyndy. 40 kilogram agram derejesinde çykyş eden Dilara Gandymowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

Ilki bilen azerbaýjanly Nigýar Mamişowany ýeňlişe sezewar eden zehinli pälwan gyzymyz ikinji duşuşygynda slowakiýaly Patrisiýa Tomankowany ýeňip bilmedi. Şeýlelikde, türkmen gyzy bürünç medal üçin guraljak tutluşyga çykmaga hukuk gazandy. Ildeşimiz hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmak üçin geçirilen duşuşykda fransiýaly güýçli garşydaşyndan — Matilda Aurelden hem güýçlidigini subut etdi.

«Türkmen sporty».