«Kuwwatly bedeniň» Özbegistandaky üstünligi

18 Awgust 2023
471

Ýurdumyzyň «Kuwwatly beden» topary Buharada (Özbegistan) geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegiň hötdesinden geldi. Bu ýerde türkmen toparynyň 2012-nji, 2014-nji we 2015-2016-njy ýyllarda doglan çagalar düzümleri ýeňiş üçin dartgynly göreş alyp bardylar. Olaryň ählisi hem toparçadaky çykyşlaryny birinji hem-de ikinji orunlarda jemlediler.

2012-nji ýylda doglan çagalaryň ýaryşynda «Kuwwatly bedeniň» iki topary bäsleşdi. «Kuwwatly beden» topary «A» toparçada iň ýokary basgançakda ýerleşdi. Ol toparçadaky garşydaşlarynyň ikisini hem uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenistanly çagalar «ÇÝFM-28» toparyny 6:0, «Nawbahory» 7:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Şondan soňky tapgyrlarda hem üstünlikli çykyş eden türkmen topary ikinji orna mynasyp boldy.

Baýram MÄMMETGULYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.