"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Berdaşly pälwan

Birki ýyllykda türkmen halkynyň gerçek ogly Annaseýit wekil serdar hakynda makala ýazmak üçin Ahalyň gadymy obalarynyň biri bolan Herrikgala bardym. Şol ýerde geçmiş taryhymyza hormat goýýan adamlar bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Şonda ýokary bilimli alym-agronom, mugallymçylyk käri bilen bagly dürli wezipelerde işlän, segseni sermäp ýören Baýramdurdy Myratberdiýew hem halkyň arasynda meşhur bolan Motdyk pälwan we onuň göteren dag daşy hakynda eşiden gürrüňlerinden bilýän zatlaryny gürrüň beripdi. Şondan soň Motdyk pälwanyň ömri bilen içgin gyzyklanyp, ýaşululardan we köne neşirleriň sahypalaryndan maglumatlary toplamaga girişdim. Gözleglerim meni Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasyna getirdi. Bag-bakjalyga bürenip oturan bereketli toprakda ýerleşýän obada Motdyk pälwanyň agtygy Söýünguly aga we pälwanyň dogany Garanyň çowlugy, öz agramynda türkmen milli göreşi boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, toýlary baglan pälwan Durdymyrat Nyýazow bilen gürrüňdeş bolanymda özümi gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdym. Motdyk pälwanyň kakasy Anna aganyň asly Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw obasyndan bolupdyr. 1880-nji ýylda Gorjaw obasynda Anna aganyň we Oguldursun ejäniň döwletli maşgalasynda dünýä inen perzende Baýramdurdy diýip at dakýarlar. Anna aga maşgalasy bilen ХIХ asyryň aýaklarynda häzirki Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş

Türkmen dzýudoçylarynyň üstünlikleri

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçen dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň açyk Kubogy türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Belli türgen Uçkun Muradowyň ýadygärligine bagyşlanan ýaryşyň duşuşyklary Daşkendiň «Uniwersal» sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan hem-de Özbegistandan 630 çemesi pälwany jemlän ýaryş dartgynly tutluşyklara diýseň baý boldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary 4 medal gazanmagy başardylar. Dzýudoçylarymyz ýurdumyzyň baýrak gaznasyny 1 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal bilen baýlaşdyrdylar.

Çendudan gelip gowşan hoş habar

talyp türgenlerimiziň tomusky Uniwersiadadaky ilkinji üstünliginiň buşlukçysy boldy Ýakynda gelip gowşan hoş habar talyplar sporty boýunça milli mekdebimiziň taryhyna iň möhüm wakalaryň biri hökmünde girdi. Türkmen gyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherinde geçýän tomusky Uniwersiadada uly üstünlige eýe boldy.

Awazada çagalaryň gülküsi ýaňlanýar

«Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Munuň şeýledigine häzirki wagtda gyzykly hem-de ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bermek bilen gyzgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň çar künjegindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyş bolanyňda hem aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar. Şeýle unudylmajak ýakymly pursatlar Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da biri-birine ulaşýar. Bu ýerdäki amatlyklar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan mekanydygy baradaky hakykatyň ajaýyp dabaralanmasydyr.

Mergenler paýtagtyň açyk çempionatynda

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda ýaý atmak boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebi Türkmenistanyň Ýaý atyjylyk federasiýasy bilen bilelikde gurady. Bu ýaryşda biziň mekdebimiziň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, ýurdumyzyň Ýaý atyjylyk federasiýasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mergenleriniň 84-si paýtagtymyzyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşdiler.

Gün urmasyndan goranyň!

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 – 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli. Başgapsyz gezdirmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçinem gerekdir. Haçan-da bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik edende, keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Jöwzaly yssyda özüňi nädogry alyp barmak bedende dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda, deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Gözüň şikes almak ähtimallygy artýar. Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda

Futbol täzelikleri

Täjigistanyň futbol çempionatynyň SSKA toparynda çykyş edýän türkmenistanly futbolçy Süleýman Muhadow karýerasyny Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň öňbaşçylarynyň biri hasaplanylýan «Dordoý» toparynda dowam eder. Şu ýylyň mart aýynda SSKA-nyň düzümine goşulan S.Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatynda şu toparda geçiren 6 duşuşygynda bir gezek tapawutlanmagy başardy. «Dordoý» topary Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda geçirilen oýunlardan soň toplan

Bagtyýar durmuşyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynsan saglygy hakynda edýän aladalary halkymyzy uly ruhubelentlige besleýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Golaýda Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda «Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat maslahaty hem bu ugurda diýseň ähmiýetli boldy. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly aladalaryň edilýändigini, her bir raýatyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellediler. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, ildeşlerimiziň her biriniň ýaşyna ýa-da kärine garamazdan, hemişe hereketde bolmagyny gazanmak, hereketiň adam bedenini taplamakdaky, berkitmekdäki ähmiýeti wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Beden maşklarynyň, pyýada ýöremegiň, suwda ýüzmegiň, ylgamagyň, welosiped sürmegiň, gimnastika bilen meşgullanmagyň ynsanyň saglygyna köptaraply täsiri degerli delilleriň üsti b

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we şol mekdebe gatnaýan çagalaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ilki bilen Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň müdiri H.Oraznepesowa çykyş edip, etrabyň ýaşajyk türgenleriniň etrap, welaýat, döwlet derejesindäki geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Baýramdurdy Meredow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Muhammetkuly Çarwaýew öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin edýän aladalary hakynda, ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş alyp barmak barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Ähmiýeti uly bäsleşikler

Bu günki gün ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzda adam saglygyny goramak ugrunda döredilýän şert-mümkinçilikler raýatlaryň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyny, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda etrabymyzyň sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçiler sagdyn jemgyýeti berkarar etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere goşant goşmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Tejribeli tälimçileriň halypalygynda kämillik ýoluna gadam goýýan türgenlerimiz diňe bir ýurdumyzda däl, halkara giňişliginde gazanýan ýeňişleri bilen ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrýarlar. Biz hem etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guraýarys. Bu bäsleşiklere ýaşlar uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Taryhda şu gün

2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Barselonanyň» janköýerlerini gynandyran waka bolup geçdi. Şol gün «katalonlylaryň» aýrylmaz bölegi hasaplanan argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messi topar bilen hoşlaşdy. «Altyn top» baýraklaryny gazanmakda öňdeligi eýeleýän Messi «Barselonadaky» ilkinji duşuşygyny 2004-nji ýylda geçiripdi. Toparda çykyş eden döwri resmi duşuşyklaryň 778-sine gatnaşan bu futbolçy netijeli urgularyň 672-sini öz adyna ýazdyrmagy başarypdy.

Bagtyýar durmuşyň binýady

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly senesini dünýä ýaň saljak dabaralar bilen toýlamaga taýýarlanýan eziz Diýarymyzda geçen şöhratly ýyllaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ähli ulgamlary gurşap almagy, sportuň gülläp ösmegi ugrunda beýik işler amala aşyryldy. Ol işler umumadamzadyň bähbidine gönükdirilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde sport ýurdy diýlip ykrar edildi. Ata Watanymyzyň dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilmeginiň gözbaşynda duran ägirt uly özgertmelerdir taryhy wakalar hakynda söhbet edenimizde, olaryň düýp binýady Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler eýýamynda goýlup, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe älemi haýrana goýýan belent derejelere ýetdi. Öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldanylýan Bitarap döwletimiziň abraýy ýylba-ýyldan artyp, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň özi türkmen döwletiniň dünýäde parahatçylyga, dost-doganlyga, birek-birege ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny sport arkaly ösdürmekde nusgalyk görelde görkezýändiginiň aýdyň sub

Arkadag şäheriniň açyk çempionatlary

Golaýda halkymyza ajaýyp sowgat bolan Arkadag şäherinde guralan ajaýyp ýaryşlar «akylly» şäheriň sportdaky mümkinçilikleriniň belli bahasynyň ýokdugyny ýene bir ýola mälim etdi. Çünki bu ýerdäki sport desgalary şeýle ýaryşlaryň diýseň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de birkemsiz geçmegi üçin zerur mümkinçilikleriň ählisini özünde jemleýär. Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadion, Köpugurly sport toplumy hem-de Sport merkezi ajaýyp ýaryşlaryň ähmiýetini artdyrýar. Watanymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda geçirilen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi, el we uniwersal söweşler, hapkido hem-de toparlaýyn hindi oýny bolan kabaddi boýunça açyk çempionatlar bu hakykatyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Çekeleşikli geçen ýaryşlar dürli ýaş derejesindäki türgenleriň 200-den gowragyny bir ýere jemledi. Ýaryş söweş sungatlary boýunça diýseň ajaýyp duşuşyklary özünde jemledi. Aslynda El söweşi boýunça halkara federasiýasynyň 2006-njy ýylda esaslandyrylandygyna aýratyn ünsi çekmelidiris. Sportuň uly meşhurlyga eýe bolan bu görnüşinde bogujy hem-de agyrdyjy emelleri ulanmaga, urgulary elde we aýakda ýerine ýetirmäge rugsat berilýär. Nobatdaky ýaryşda hem sportuň bu görnüşiniň ussatlary öz başarnyklaryny ýokary derejede görkezmegiň hötdesinden geldiler. «Draka» ugry hem-de hapkido boýunça ýaryşlar döredilýän şert-mümkinçilikleriň esasynda Diýar

Sylaglanyş dabaralary

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda medallara eýe bolan türgenler sylaglandy. Dabarany Ahal welaýatynyň häkimligi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Çempionatda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden bolan türgenler bilen birlikde Ahal welaýatynyň pälwanlary hem uly üstünliklere mynasyp boldular. Çünki Sarahs etrabynyň türgeni Atageldi Tejendurdyýew 68 kilogram agram derejesinde, Gökdepe etrabyndan Arslan Hojamberdiýew 90 kg-de guşakly göreşiň erkin usulyndan dünýäniň wise-çempionlary bolmagy başardylar. Babadaýhan etrabynyň pälwanlary Annagurban Allaberdiýew (90 kg-de), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-den ýokary agramda) guşakly göreşiň nusgawy usulyndan şeýle üstünlige ýetdiler. Mundan başga-da, 58 kg-de göreşen Akbugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa öňdäki üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldi.

Halkara ýaryşyň medallary

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde «Kyrgyzstan Open 2023» diýen at bilen geçirilen halkara ýaryş Türkmenistanyň uşu boýunça ýygyndy toparynyň agzalaryna uly üstünlikleri getirdi. Türkmen türgenlerinden başga-da, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Özbegistandan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan hem-de Türkiýeden bolan türgenleriň 800-den gowragyny jemlän abraýly ýaryş dartgynly duşuşyklara diýseň baý boldy. Çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň, erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçen tutluşyklar hem-de «özüňi goramak» görnüşinden ýaýbaňlandyrylan ulularyň çykyşlary ýaryşyň has-da täsirliligini şertlendirdi.

Uýalardan tama uly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän şanly wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine sary bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. «Biz ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin geljekde-de ähli şertleri dörederis. Ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris. Täze sport düzümlerini döretmek arkaly hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli sport ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap almagyny gazanmakda alnyp barylýan işleriň gerimini barha giňeldýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle ajaýyp döwürde türgenleriň kemala gelýän täze nesli hakynda söhbet etmegiň hem özboluşly lezzeti bar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdebinde sportuň beýleki birnäçe görnüşleri bilen birlikde, türkmen milli göreşi hem-de

Kämilligiň nusgalyk şäheri

Arkadag şäheri şöhratly zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň, uly tagallalaryň nyşanydyr. Täze şäher binagärlik taýdan türkmen halkynyň taryhyny, şu gününi we geljegini bir ýere jemleýän, galyberse-de, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde ilkinji «akylly» şäherdir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny bütin dünýä aýan edýän nusgalyk şäherde gurlan desgalar dolulygyna häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biridir. Bu ýerde raýatlarymyzyň okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler, ýokary derejeli amatlyklar döredilendir.

Ýeňijiler sarpalandy

Bu günki gün halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenlerimizi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Golaýda Türkmenabat şäherinde halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Dabarada şu aýyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisinde ― Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Lebap welaýatynyň türgenleri sylaglanyldy. Bu iki ýaryşda welaýatyň türgenleriniň bäşisi medallaryň ýedisine mynasyp boldular. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşaýşa güýç berýän sport

Sporty, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini düýpli ösdürip, her bir raýatyň saglygy hakynda aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar. Dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimiziň, şol sanda mümkinçiligi çäkli raýatlaryň arasynda sporty durmuş hemrasyna öwrenleriň köpelmegi diýseň begendirýär. Sport we bedenterbiýe ynsanyň durmuşyny özgerdip, onuň jemgyýetdäki ornuny tapmagyna ýardam edýär. Bu ýagdaý aň-paýhas mümkinçiligi çäkli adamlar babatda aýdylanda aýratyn ähmiýetlidir. Biz ýakynda Türkmenistanyň Ýörite Olimpiada Milli Merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, göreş boýunça sport ussady Baýram Seýtlikow bilen söhbetdeş bolup, aň-paýhas mümkinçiligi çäkli türgenlerimiziň 12 – 26-njy iýun aralygynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde Bütindünýä tomusky Ýörite Olimpiada oýunlarynda görkezen netijelerine baha berdik.

Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet

Gahryman Arkadagymyzyň asylly tutumlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýy artýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýaş nesli ählitaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilaty bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.